Bir maşgalada 5 sany gyz dogan bar. Olaryň her biriniň bir sany erkek dogany bar. Bu maşgalada jemi näçe çaga bar?
A) 10; B) 11; C)12; D)6
D) 6
Düşündirilişi: 5 gyz we olaryň hemmesine ortalyk 1 sany erkek dogan
Galam we depder bilelikde 11 manat durýar. Galam depderden 10 manat gymmat bolsa, depder näçe manat?
A) 0,5; B) 1; C) 1,5; D) 10
A) 0,5
BakyTylla/C++ Bonus
Utuk 2 esse bolýar
Siziň öňüňizde doly meňzeş görünýän 3 sany altyn teňňe bar. Ýöne olaryň biri galp we ol beýlekilerden has ýeňil. Iki taraply terezi arkaly, iň az näçe gezek ölçäp galp teňňäni anyklap bilersiňiz?
Diňe 1 gezek ölçemek ýeterlik. (Düşündirişi: 2 teňňäni tereziniň iki tarapyna goýýarys. Eger berekella deň gelse, diýmek daşardaky 3-nji teňňe galpdyr. Eger haýsyda bir tarap ýokary galsa, şol ýeňil teňňe galpdyr).
Sagat her sagatda şol sagat sany ýaly jaň edýär (1:00-da 1 gezek, 2:00-da 2 gezek, we ş.m.). 12 sagadyň dowamynda sagat jemi näçe gezek jaň eder?
A) 1; B) 12; C) 24; D)78
D)78
Jemal "Men 2 ýyl mundan öň 10 ýaşyndadym, geljek ýyl bolsa 13 ýaşym bolar" diýýär. Bu gyz haýsy aýda we haýsy günde doglupdyr? (Häzirki wagt 1-nji ýanwar diýip hasaplaň).
31-nji dekabrda.
Düşündirişi: Gyz bu sözüni 1-nji ýanwarda aýdýar. Düýn (31-nji dekabrda) onuň doglan günidi we ol 12 ýaşady. 2 ýyl öň (täze ýyl girmanka) 10 ýaşyndady. Geljek ýyl bolsa (dekabrda) 13 ýaşyna ýetip biler.
Aşakdaky sanlar yzygiderligini dowam ediň: 2, 4, 8, 16, 32, ...
A) 34; B) 68; C) 64; D)100
C) 64
Ene 20 ýaşynda bolanda, gyzy 2 ýaşyndady. Häzir Ene 38 ýaşynda bolsa, gyzy näçe ýaşynda?
A) 36; B) 40; C) 20; D) 28
Iki sany işçi agaç kesýär. Olar agajy 5 bölege bölmek üçin 20 minut sarp edýärler. Olar şol depgin bilen agajy 10 bölege bölmek üçin näçe minut sarp ederler?
A) 40; B) 45; C) 20; D) 100;
B) 45
Myrat häzir 10 ýaşynda. Onuň jigisi Ahmet bolsa Myradyň ýaşynyň ýarysyna deň. Myrat 40 ýaşyna ýetende, jigisi Ahmet näçe ýaşynda bolar?
A) 20; B) 30; C) 35; D) 40;
C) 35
Düşündirişi: Ahmet Myratdan 5 ýaş kiçi (10 - 5 = 5). Myrat 40 bolanda, Ahmet 40 - 5 = 35 ýaşar